Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şweýsariýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere azyklyk bugdaý, tekiz boýalan tüýjümek we žakkard önümler hem-de nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 926 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 778 müň manatdan gowrak bolan dürli tehnikany, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, şeýle-de azyklyk bugdaýy satyn aldylar.