Kärhanany döwrebapladyrmak işlerini „Türkmen enjam“ Hojalyk Jemgyýetiniň hünärmenleri alyp barýarlar. Hereketlendirijiler bölüminde kuwwatly körpi şekil kranlaryň ikisi gurnaldy, howa gysyjylary we dizel ýangyjynda işleýän D-6 we D-12 hereketlendirijileri synagdan geçirmek üçin stend oturdyldy. Döwrebap enjamlary ýörüte okuw geçen işçiler synagdan geçirdiler.
Belarusyň, Russiýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň döwrebap ýokary tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen we täzeden gurnalan abatlaýyş bölümi işleriň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Mehaniki bölümde Garagum derýasynda ýük daşamakda ulanylýan gämilerdir baržalar üçin dürli wallar taýýarlanylýar.
Döwrebaplaşdyrylan traktor sehiniň önümçili meýdany 2400 metr meýdany tutýar. Onda eýýäm kuwwatlylygy 10 we 15 tonnalyk kranalryň ikisi, frezer we basyjy stanoklaryň ikisi oturdyldy.
Durkunyň üýtgedilenligine garamazdan kärhananyň esasy önümçiligi togtadylmaýar. Kärhananyň işgärleri--tokarlar, frezerçiler, kebşirleýjiler, metal guýyjylar, elektrikler—kärine ussat hünärmenleriň 90-sy nusga alarlyk zähmet çekýärler. Geçen ýyl olar 4 million 256 müň manatlykdan gowrak önüm öndürdiler, bu bolsa ýyllyk meýilnamadan has artykdyr. Kärhananyň önümleri we hyzmatlary bolan demir gurnamalardyr ölçege laýyk gelmeýän enjamlar, elektrik geçirijileri üçin tranwersler, suw gatlalary, şeýle hem buldozerleriň we ekskawatorlaryň ýöreýän bölekleriniň, derýa-kanallary läbikden arassalaýjy enjamlaryň korpusyny abatlaak, ätiýaçlyk şaýlary taýýarlamak ýaly işler Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün edýär.
Kärhananyň durkuny täzelemegiň indiki tapgyrynda demir gurnamalar, guýma önümçiligi, elektrik hereketlendirijileri abatlamak we beýleki önümçilikleriň birnäçesiniň sehlerini döwrebaplaşdyrmak göz öňüne tutulýar. Ýokary tehnologiýaly stanoklar, inženerçilik täzelikleri, şeýle hem kärine ussat işgärler Marynyň abatlaýyş kärhanasyna önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga we öndürilýän önümleriň hem-de edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.