Ï Galyndysyz tilsimatlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen TNGZT-da çig nebitden dünýä bazarlarynda islegli önüm öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galyndysyz tilsimatlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen TNGZT-da çig nebitden dünýä bazarlarynda islegli önüm öndürilýär

view-icon 1148
Bir ýyl mundan ozal Türkmebaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda tilsimat enjamlaryň dördüsi işe girizildi. Häzirki wagtda nebiti doly gaýtadan işlemekde, goşundylary we gaýtadan işlenilen çig mal alyp, olardan ýurdymyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda islegli önüm öndürmekde bu enjamlaryň ähmiýeti ulydyr. Bilermeneriň hasabyna görä, innowasion enjamlryň oturdylmagyna goýberilen maýa goýumlary üç ýyla ýetmän özüni ödär we döwlete saldamly girdeji getirer.

Nebti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde mazuty wakuumdan geçirip böleklere bölýän WT-3 enjamy bu önümçilikleriň arasynda aýratyn orun tutýar. WT-3 enjamy ýylda iki million tonna nebti gaýtadan işlär. Sagatda 280 kubmetr mazut gaýtadan işlenilende (onuň aňryçäk kuwwatlylygy sagatda 300 kubmetrdir) enjam bir gije-gündizde reaktoruň üstünden 6,5 müň kubmetr mazut geçirip, ondan 4,5 müň tonna agyr gazoýl, 400 kubmetre golaý ýeňil gazoýl we 2 müň kubmetrden gowrak gudron öndürýär. Agyr gazoýl turba geçirijiden ýokary oktanly benzin we suwuklandyrylan nebit gazyny almak üçin katalitik kreking enjamyna (MSCC) ugradylýar. Wakuumdan geçirilip böleklere bölünen mazut bölekleri ulag serişdeleri we senagat enjamlary üçin çalgy ýaglaryny öndürmekde ulanylýar. Ýeňil gazoýl we beýleki belli bir häsiýetli dizel bölüntgileri dizel ýangyjyny suw bilen arassalaýan enjama barýar. Gudron bitum enjamyna we haýalladylan kokslama enjamyna (HKE-3) düşýär. HKE-3-de işlenilip çykarylýan nebit koksyna daşary ýurtlarda uly isleg bildirilensoň ol tutuşlygyna diýen ýaly ýurduň daşyna ugradylýar. Şeýlelikde, galyndysyz tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy bilen TNGZT-e gelýän çig nebitden harytlyk önüm çykarylýar.

Önümçilik möçberi boýunça tutuş bir zawoda barabar tilsimat toplumyny kiçeňräk inžener-tehniki işgärler we hünärine ussat işçiler topary işledýär. Her çalşykda bäş adam işleýär. Enjamyň işine awtomatlaşdyrylan gözegçilik ýola goýlandyr.