Ï Ýurdumyzyň senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi

view-icon 742
Ýurdumyzyň senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň bu strategik ugruna degişli bolan pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmäge bagyşlandy.

Iş maslahatynyň barşynda senagat, himiýa, dokma we haly pudaklarynda hem-de balyk hojalygynda işleriň ýagdaýyna umumy seljerme berildi, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, guramaçylyk işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 24-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda nygtaýşy ýaly, esasy wezipe ýurdumyzy senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmekden ybaratdyr. Munuň üçin daşary ýurt maýalaryny mümkin boldugyça has köp çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, elektron senagatyny ösdürmek, elektron önümleriniň we kompýuterleriň köp görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak zerurdyr.

Milli Liderimiz dokma senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň, döwlet tarapyndan bu pudagy ösdürmek üçin yzygiderli bölünip berilýän uly möçberli serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz könelişen dokma önümçiliklerini tiz wagtda häzirki zaman derejesine çykarmak üçin hemme çäreleri görmegi, olary döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, dokma önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halyçylyk pudagyny has-da ösdürmek babatda hem wezipeleriň toplumy kesgitlenildi. Bu hem degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu günki geçen iş maslahatyň gün tertibinde öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň pudagy hususylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan senagat ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň örän uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Häzirki wagtda önümçilik pudaklarynda innowasion tehnologiýalaryň işjeň peýdalanylýandygy, iň oňat dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Iş maslahatyna gatnaşyjylar senagat ulgamynyň öňünde ylmy we ýokary tehnologiýaly önümleriň çykarylmagyna geçilmegini talap edýän, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümçilik strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläk alnyp barylmaly işleriň meýilnamalaryny bellediler.

Çykyş edenler özlerine bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin ähli güýçlerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.