Ï «PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy geçen ýyl bir gije-gündizde tebugy gaz çykarmakda ýokary netije gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy geçen ýyl bir gije-gündizde tebugy gaz çykarmakda ýokary netije gazandy

view-icon 1221
Hazar ýalpagynda burawlanan skwažinalardan „Magtymguly“ platformasynyň kollektor-raýzerinden we turba geçirijilerden kompaniýanyň gazy gaýtadan işlýän düzümleriniň ýerleşýän ýeri bolan kenara bir gije-gündizde 14 million kub metr gaz akdyryldy, munuň özi kärhananyň taslama kuwwatlylygynyň 99 göterimidiir. Deňiz platformalaryndan alnan uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberi geçen ýyl 2015-nji ýyldakydan 14% artdy.

„Diýarbekir“ käninde 2009-njy ýyldan başlap senagat taýdan çig nebit we 2011-nji ýyldan başlap „Magtymguly“ gaz ýatagyndan tebigy gaz alnyp başlaly bäri Malaýziýanyň “PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Türkmenistanda iri nebit-gaz çykaryjy we tebigy gazy iberiji kompaniýa hökmünde tanalyp ugrady. “PETRONAS Carigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň bölümi bolan “PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ýigrimi ýyl töweregi mundan ozal „Blok 1“ şertnamalaýyn meýdança babatda önümi bölüşmek hakynda Şertnama gol çekilenden soň uglewodorod çig malyny agtarmak, işlemek we çykarmak boýunça önümçilik işlerine başlady.


Kompaniýanyň birnäçe ýyllap „Blok 1“ şertnamalaýyn meýdançada geçiren gözleg-agtaryş işleri ol ýerde nebitdir gazyň ýeterlikdigini ýüze çykardy. Uglewodorod ýatagyndan tejribe-synag nebit çykarylyşynda deňizde ulanylýan Göçme enjam (DUGE) we Nebit saklanylýan Ýüzýän ambar (NSÝA) işledildi. „Blok 1“ –de soňra „Magtymguly“ platformasynyň kollektor- raýzeri we „Diýarbekir“ deňiz ýatagyny işlemäge niýetlenen nebit çykaryjy platformalaryň ikisi-- „BPZD-A“ we „BPSD-A“ işe girizildi.

“PETRONAS Carigali (Tükmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy birnäçe ýyl mundan ozal Balkan welaýatynyň Türmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde toplumlaýyn desga gurdy, onuň düzüminde Deňiz gurnamalryny ýygnaýjy bölüm, tolkunkeser we gaz kondensatyny eksport etmek üçin bir nokatlyk gämi duralgasy, şeýle hem üpjünçilik binýady, ambarlar, Okuw merkezi, sport toplumy, lukmançylyk otagy, ýangyn söndüriş bölümi hem-d ýaşaýyş jaýlar toplumy bar. 2011-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razagyň gatnaşmagynda iri binalar—gazy gaýtadan işleýän zawod we gaz terminaly (GGIZ we GT) işe girizilipdi.


Häzirki wagtda kompamiýanyň kenardaky düzüminde iň täze tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz we 2,4 million tonna gaz kondensatyny arassalamak boýunça zawod hem bar. Kenar turba bilen baglanyşdyrýan deňiz kollektor-raýzer we burawlaýyş platformalary, 60000 kubmetr gaz kondensatyny saklaýjy, şeýle hem uzynlygy 52,7 kilometr bolan ýerüsti eksport gaz geçirijisi enjamlaşdyrylan.

Mundan başga-da, Hazaryň uglewodorodlara baý ýalpagyny özleşdirmegiň taslamasynyň çäklerinde kompaniýa kenardaky düzümleri döwrebaplaşdyrdy. Zawodyň meýdançasynda gazy gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýa enjamlaryyň gapdalynda Koreýanyň „Hýondaý Inžiniriň“ we „LGI“ kompaniýalary täze önümçilik uçastogynyň gurluşygyny tamamladylar. Bu ýerde çig nebti arassalamak we galyndylardan bölüp aýyrmak boýunça kuwwatly enjam, şeýle hem eksporta niýetlenen arassalanan we durnuklaşdyrylan nebti saklamak üçin 20000 kubmetrlik rezerwuar oturdyldy. Häzirki wagtda zawodyň täze uçastogynda gurnama-sazlaýyş işleri tamamlanyp barýar, şondan soň „Diýarbekir“ deňiz ýatagyndan bu ýere soňundan separatordan geçirip arassalamak, stablizatorlar arkaly durnuklaşdyrmak we deňiz tankerlerine turba geçirijilerden guýmak üçin nebit çig maly gelip başlar.


Ýangyç-energetika toplumy üçin işgärleri taýýarlamak hem kompaniýanyň alyp barýan işleriniň biridir. Zehinli ýaş hünärmenler Malaýziýa okuwa iberilýär. Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “PETRONAS” Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda Malaýziýanyň uiwersitetiniň hünärmenleri HNweGU-niň inženerçilik we dolandyryş fakultetlerinde sapak geçerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Kuala-Lumpura sapary wagtynda “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda Hazar deňziniň türkmen böleginiň baý ýataklaryny özleşdirmegiň geljeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy. Duşuşygyň çäklerinde Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny bilelikde özleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary belleildi.