Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi — gowaça ekişi başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 3-nji martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň buýrugyna laýyklykda, gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 25-nji martda girişdiler. Biraz soňra, 29-njy martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.
Halkymyzyň asylly däbine görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli işleriniň rowaçlygyny gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň oba hojalygy toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň bu üstünligi Milli Liderimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny amala aşyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen agrar syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Degişli ulgamda uly möçberli maýa goýumlary bilen berkidilen düýpli özgertmeleriň geçirilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasynyň ulanylmagy netijesinde oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, täze döwrebap zawodlaryň gurulmagyna uly üns berilýär. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Ahal welaýatynyň Altyn asyr hem-de Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda gurlan pagta arassalaýjy kärhanalar pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Olaryň her birinde ýylda 40 müň tonna pagta gaýtadan işlenilip, geljekki hasyl üçin ýokary hilli tohum taýýarlanylýar.
Şu ýyl Türkmenistanda 545 müň gektara gowaça ekiler. “Ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi.
Ekişe gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli sortlarynyň saýlama tohumlarynyň 65 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Pagtanyň orta süýümli sortlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda ýokary hasyllylygy, süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39” sortlary has köp ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” we beýleki sortlary Mary we Ahal welaýatlarynda ekiler.
Şu ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekijileriň 3 müň 200-den gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň, boronalaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň 7 müňden gowragy işlediler. Olar ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolup durýar.
Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biolaboratoriýalaryň 379-sy taýýarlanylýar. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan amatly bioönümler bilen üpjün eder.
Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Watan” we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze oba” daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm wezipelerine bagyşlanylan, obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini durnukly artdyrmagy üpjün etmek boýunça okuw maslahatlary geçirildi.
“Ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Olaryň hatarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem “Türkmenstandartlarynyň”, “Daýhanbankyň”, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaça ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi.
Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada işjeň alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýle hem şol gün Balkan welaýatynda gök-bakja önümleriniň we ot-iýmlik ekinleriň ekişine badalga berildi.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar.