Ï Murgap jülgesinde ýüz ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän pagta arassalaýjy zawod bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Murgap jülgesinde ýüz ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän pagta arassalaýjy zawod bar

view-icon 1765
Häzirki wagtda pagtaçylyk Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň esasy pudagydyr, ýurdumyzda ýylda 1 million tonnadan gowrak pagta taýýarlanylýar. Indi bir ýarym asyryň dowamynda gowaça ekmeklik ylmy-amaly taýdan yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda bu ekiniň ýokary hasylly sortlary Russiýanyň Zakaspiý welaýatynyň döredilmegi bilen baglanşyklydyr, şol döwür hem Orta Aziýada pagtaçylyk ösdürilip başlandy. Şondan ozal hasyllylygy pes, hanalary kiçijik, gysga we ýüňpisint gödek süýümli pagat ýetişdirilýän eken.

XIX asyryň ahyrynda Murgap jülgesinde orta süýümli gowaça ekilip başlanylýar, onuň tohumy Amerikadan getirilipdir. Gowaça atyzlary tebigy suw çeşmeleriniň golaýynda bolupdyr.Gowaça ekmegi höweslendirmek we täze orta sortly gowaçanyň ekin meýdanyny giňeltmek üçin şol döwür Baýramalyda ýerleşen welaýat häkimiýetleri kärendeçilerdir daýhanlara tohumy mugt beripdir, ýetişdirilen hasyly bolsa satyn alypdyr. Ondan soň ýygylan hasyly gaýtadan işlemek üçin 1892-nji ýylda Mary şäherinde, 1897-nji ýylda Baýramly şäherinde we 1910-njy ýylda Ýolöten şäherinde kiçiräk şahsy kärhanalar gurulýar. Geçen asyryň 30-njy ýyllary şu kärhanalaryň esasynda inçe sortly pagtany gaýtadan işlemek üçin döwrebar sehler gurulýar. Şu önümçilikleriň döredilmegi bilen bir wagtda 1898-nji ýylda Zakaspi demir ýolunyň Guşgy şahasynyň gurulmagy bilen Ýöleten menzili döredildi, ol tizara etrap merkezi, has soňrak bolsa şäher derejesine eýe boldy. 1937 we 1970-nji ýyllarda Ýolöteniň pagta arassalaýjy zawodynyň durky täzelendi, netijede onuň kuwwatlylygy artdy. XX asyryň ortasynda Garagum derýasynyň gurulmagy bilen çöllük ýerler özleşdirilip we pagtaçylyk çalt depginlerde ösdürlrip başlandy.

Ýolöten etrabynda garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly, döwrebap önümçilikler guruldy. Her ýyl pagta ýygymynyň başlanmagy bilen pagta arassalaýjy zawodlar, şol sanda etrabyň köne kärhanasy-da işläp başlaýar. Kärhanada ýylda 30-32 müň tonna pagta, şol sanda 3,5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenilýär. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly döwri Ýolötendaki zawodda pagta gije-gündiziň dowamynda arassalanylýar. Taýýar süýümiň bir bölegini ýurdumyzyň dokma senagaty toplumynyň kärhanalary satyn alýar, belli bir bölegi bolsa Türkmenistanyň Haryt-çig mal biržasynda ýokary isliegli haryt hökmünde daşary ýurtlara satylýar. Zawodda her ýyl 2,5 müň tonna tohum taýýarlanylýar. Tehniki tohumy Baýramalynyň ýag zawody alýar we ondan döwrebap enjamlarda bäsleşiklere ukyply ýokary hilli çigit ýagyny öndürýär.