Ï Ahal welaýtynyň Gökdepe etrabynda aýna önümlerini öndürýän kärhana gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýtynyň Gökdepe etrabynda aýna önümlerini öndürýän kärhana gurulýar

view-icon 925
Bu ýerde penjire we aýanagaplary taýýarlamak üçin dury we garaldylan, ýalpyldawyk we taplanan aýnalar, azyk senagaty pudagy we derman senagaty üçin çüýşeler, beýleki aýna önümleri çykarylar.

Türkiýäniň «Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň gurýan binasy möçberi we onda ulanylýan innowasion tehnologiýalary bilen göreni haýran edýär. 24 gektar ýerde çig mallary taýýarlaýyş bölümi, gaplama we float-senagat taýdan gaýtadan işlenilýän aýnalary öndürýän enjamlar, ussahanalar, ammarlar, edara, hojalyk binalary we beýleki desgalar bina edilipdir. 30-dan gowrak desgada 900 adam zähmet ççekýär.


Bina bellenilen möhletden öň işe giriziler. Binalaryň ählisi eýýäm taýyn, bezeg we enjamlary oturtmak boýunça işler alnyp barylýar.

«Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň kömekçi potratçysy Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» firmasydyr. Bu ýerde şeýle hem Italiýadan, Belgiýadan, Awstriýadan, Finlandiýadan belli kompaniýalar, şol sanda maslahatlar hyzmatyny ýerine ýetirýan Germaniýanyň «Edison Technologies KG» işleýärler. Önümçilik däl we durmuş-medeni binalaryň gurluşygyny ýerli hususy gurluşyk firmalary alyp barýarlar.

Kärhananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, aýna önümleri ýerli çig maldan: kwars çägesinden, dolomitden, hekden we beýlekilerden öndüriler. Ýokary tehnologiýaly bu kärhana bäsleşige ukyply aýna önümleriniň ençeme götnüşini öndürmäge niýetlenendir. Ol daşary ýurtdan geirilýän önümleriň ornuny tutmaga we önümleri daşary ýurtlara ibermäge niýetlenendir.


Netijeli iş hünärmenlere baglydyr. Ýaşlaryň onlarçasy ýerli we daşary ýurt hünärmenlerinden sapak aldylar. Kärhananyň geljekki işgärleriniň bir topary Russiýanyň şu kysmy önümçiliklerinde hünär öwrenýärler.

Aýna kombinatynyň işgärleri üçin umumy ýaşaýyş jaýy we 48 öýli jaýlaryň ikisi gurulýar. Toplumda çagalar meýdançalary, sport bilen meşgullanar ýaly meýdança, ulag duralgalary we durmuş maksatly beýleki binalar göz öňünde utulan.