Onuň nusgasyny kärhananyň hünärmenleri taýýarladylar. Sport eşigini tikmek üçin ýerli önümçiligiň ýokary hilli matalary ulanyldy. Täze önümler birnäçe reňkde taýýarlanyldy. Geljekki sport ýaryşyna islegiň uludygy sebäpi ol ýurduň alyjylar bazarynda uly islegden peýdalanar.
Fabrigiň beýleki täze eşikleri, şol sanda bu ýerde ilkinji gezek taýýarlanylan çaga plaşlarydyr kombinezonlary-da islegli harytlar bolsa gerek.Önümçiligiň ykdysady taýdan netijeliligine gönükdirilen marketing strategiýasyna laýyklyda eşikleriň nusgalary yzygiderli täzelenip durulýar.Döwrebap ýokary öndürijilikli enjamlar hiç hili goşundysyz matalardan owadan we oňaýly önümleriň ençeme görnüşini, şol sanda egin-eşikleri, ýorgan-düşeklikleri we hojalykda ulanylýan dokma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Diňe şu ýylyň özünde fabrikde çagalar we uly adamlar üçin täze eşikleriň birnäçe nusgasy: gyzjagazlar üçin köýnejikler, erkek adamlaryň keltekçesi, trikotaž önümleri we beýlekiler köpçülikleýin öndürildi. 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde 171842 manatlyk önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan ep-esli köpdir.
Agrar pudagynda pagtaçylyk esasy orunlaryň birini eýeleýän Daşoguz welaýaty ýurduň dokma senagatynda ähmiýetli orun eýeleýär. Senagat kuwwatlylygyny ösdürmäge we önümçiligiň doly tapgyryny döretmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa oňyn ýardam edýär. „Çeper“ tikinçilik fabriginden başga-da bu ýerde beýleki dokma önümçilikleri, şol sanda Daşoguz şäherinde we Könürgenç etrabynda ýokary tehnologiýaly nah-egirme fabrikleri hereket edýär.