Ï Balkanabatda “Parfiýa Gurluşyk” HK-nyň önümlerine uly isleg bildirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabatda “Parfiýa Gurluşyk” HK-nyň önümlerine uly isleg bildirilýär

view-icon 1461
Balkanabatda “Parfiýa Gurluşyk” hususy kärhanasynyň çörek bişirilýan kärhanasynda çörek-bulka önümlerini öndürýän könweýer peçi işe girizldi, ol şäheriň söwda nokatlaryna ýurdumyzda ýetişdirilýän çig maldan 500 kilograma çenli tagamly önüm ugradýar. Ýakyn wagtda telekeçiler çörek-bulka önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we süýji önümlerini çykaryp başlamagy göz öňünde tutýarlar.

Şu ýylyň sentýabrynda HK Balkanabatda aş önümlerini öndürýän kiçi zawod açdy. Önümçilik Italiýada öndürilen enjam – iki bunkerli galyba salýan, awtomatlaşdyrylan gaplaýjy enjamlar, guradyjy şkaflar we beýleki kömekçi enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada günde şäher ilatynyň arasynda islegli bir müň kilogram ýokary hilli önüm: unaşlaryň, aşlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Ýakyn wagtda kärhananyň öz firma dükany hem açylar, onda “Parfiýa Gurluşyk” HK-nyň önümleriniň ähli görnüşleri satylar.