Ï Türkmen mekdep okuwçylarynyň 26-sy -- VIII Halkara matematika bäsleşiginiň I tapgyrynyň ýeňijileri boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mekdep okuwçylarynyň 26-sy -- VIII Halkara matematika bäsleşiginiň I tapgyrynyň ýeňijileri boldular

view-icon 5225
Türkmen mekdep okuwçylarynyň 26-sy -- VIII Halkara matematika bäsleşiginiň I tapgyrynyň ýeňijileri boldular

Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 9 – 11-nji synp okuwçyalrynyň 26-sy – «Men çözýärin» VIII Halkara matematika bäsleşiginiň 1-nji saýlama onlaýn-tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Şu ýyl bäsleşige dünýä ýurltarynyň 18-sinde birnäçe müň ýokary synp okuwçyalry gatnaşdylar. Geçen 7 tapgyryna adatça Ýewraziýa ýurtlarynyň okuwçylary gatnaşýardylar. Şu ýyl oňa ilkinji gezek ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan we Angoladan wekiller goşuldylar. Ýewraziýa yklymyndan şu ýyl Russiýadan, Türkmenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Latiwýadan, Moldowadan, Mongoliýadan, Özbegistandan, Ukrainadan, Türkiýeden, Çehiýadan, Germaniýadan, Günorta Koreýadan okuwçylar gatnaşdylar.

1-nji tapgyrda 90 minutda sekiz mesele: 3 jogaplaryň wariantlary bilen we 5 açyk mesele çözmelidi. Dogry jogaplar we işiň ýokary hili 2-nji tapgyra çykmaga mümkinçilik berýärdi.

«Indi okuwçyalra has gyzykly aň-paýhas bäsleşigi garaşýar» – diýip, bäsleşigiň guramaçylary aýdýarlar. Ol Russiýanyň GS Group maýa goýum-senagat holdinginiň Russiýanyň esasy bilim edarlary bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Bäsleşigiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, daşary ýurtly okuwçylardan 1-nji tapgyrda Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gatnaşýan okuwçylar has gowy netije görkezdiler. Bäsleşige gatnaşanlardan 2-nji tapgyra çykan Türkmenabat şäheriniň okuwçylary öňdäki hatary eýelediler.

Umuman, 2-nji tapgyra okuwçyalryň 1000-si çykdy, olar şu günler «ylymlar melikesini» bilmekde bäsleşýärler. Indi meseleler has çylşyrymly. Onda açyk mysallaryň 8-sini çözmeli, olaryň hersiniň çylşyrmlylygyny emin agzalary göz öňünde tutarlar. Bu tapgyrda olara 180 minut wagt berilýär, onuň netiejsi 7-nji dekabrda yglan ediler.

Jemleýji 3-nji tapgyra iň güýçli matematikaçylaryň 30-sy çykar. Jemleýji bäsleşik indiki ýyl – 2022-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda bolar.

Bäsleşgiň ýeňijisi 10 adam: 11-nji synpda okaýnalardan 5-si we 9-10-njy synpda okaýanlardan ybarat bolarlar.

Şu ýyl bäsleşigiň Ýewraziýanyň çäginden çykanlygyny göz öňünde tutsaň, her bir ýeňiji dünýäniň güýçli matematikaçysy adyny götermäge haklydyr.