mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy

view-icon 8734

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda:

1-nji derejeli ýurist Serdar Italmazowiç Pygamow Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Muhammetmyrat Öwezmuhammedowiç Annaberdiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwran Abdyllaýewiç Bekmyradow Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mämetnazarowiç Haýtbaýew Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwran Myradowiç Mätjanow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.