Ï Teatrlaryň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatrlaryň sahnasynda

view-icon 5391
Teatrlaryň sahnasynda

2022-nji ýylyň 16-njy sentýabryndan 18-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzda gyzykly konsertler, dynç alyş şowhunlary we sirk tomaşalary bolar.

18-nji snetýabrda «Watan» kinokonsert merkezi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sagat 18:00 - da Seýitguly Tülegenowyň aýdym-sazly agşamyna çagyrýar. Şeýle hem paýtagtymyzyň teatrlarynda spektakllar görkeziler.

S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry sahnasynda

17-nji sentýabrda «Syrly sandyk»,

18-nji sentýabrda «Yşkyň gämisi»

spektakllaryny görkezer. Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda

17-nji sentýabrda «Aýdym-sazly gülki agşamy»,

18-nji sentýabrda «Ynam! Umyt! Söýgi!» spektakllary görkeziler.

Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar.

«Ynam! Umyt! Söýgi!» spektalynyň baş gahrymany Nury atly ýigit durmuşda dürli kynçylyklara gabat gelýär, ýöne ykbal ony geljekki gelni bilen duşurýar.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

17- nji sentýabrda «Gumly gelin», 18 - nji sentýabrda «Hüwdi» spektakllaryny tomaşaçylara hödürlär.

Spektakllar sagat 19:00 - da başlanýar.

Gadymy döwürlerden bäri eneler balalaryna hüwdi aýdýarlar. Bu teatr oýny-da bäbege garaşýan eneleriň birnäçesiniň ene bolmak baradaky süýji arzuwyny beýan edýär.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

16-njy sentýabrda «Arşyn mal alan» spektakly görkeziler. Spektakl sagat 19:00 -da başlanýar.

17-nji sentýabrda «Külçe» spektakly görkeziler. Spektakl sagat 12:00-da başlanýar.

17-nji sentýabrda «Uýalar» oýnunyň görkezilişi bolar. Oýun sagat 19:00-da başlanýar.

18-nji sentýabrda «Külbikejik» spektakly görkeziler. Spektal sagat 11:00-da we 13:00-da başlanýar.

18-nji sentýabrda «Magşuk sekiz zenan» spektakly görkeziler.

Oýun sagat 19:00-da başlanýar.

Mollanepes adyndaky Talyplar teatry

17-nji sentýabrda «Arşyn mal alan»,

18-nji sentýabrda «Dawa nämeden başlanyar?» spektakllary görkeziler.

Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda

16-nji sentýabrda «Towşanjygyň öýi» oýny bolar. Oýun sagat 17:00-da başlanýar.

16-nji sentýabrda «Çagaly öy bazar» oýny görkeziler. Oýun sagat 19:00-da başlanýar.

17-nji sentýabrda «Jadyly ýaglyk» oýny bolar. Oýun sagat 12:00-da we 17:00-da başlanýar.

17-nji sentýabrda «Japbaklar» oýny görkeziler.Oýun sagat 19:00-da başlanýar.

18-nji sentýabrda «Çagalyk älemgoşary» oýny bolar. Oýun sagat 12:00-da we 17:00-da başlanýar.

18-nji sentýabrda «Arşyn mal alan» spektakly görkeziler. Spektakl sagat 19:00-da başlanýar.