Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary futzal boýunça Aziýa Kubogy-2022-ä taýýarlygyň çäginde Azerbaýjanyň «Baku faýr» toparyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary futzal boýunça Aziýa Kubogy-2022-ä taýýarlygyň çäginde Azerbaýjanyň «Baku faýr» toparyny utdy

view-icon 3704
Türkmenistanyň ýygyndy topary futzal boýunça Aziýa Kubogy-2022-ä taýýarlygyň çäginde Azerbaýjanyň «Baku faýr» toparyny utdy

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Türkmenistanyň futzal toparynyň ilkinji synag oýny «Baku faýr» toparyndan ýeňiş bilen tamamlandy – 1:0.

Oýun «Olimpik star» sport toplumynda geçdi. Azerbaýjanyň Futzal ýokary ligasynyň toparyna garşy aýgytly pökgini Gylyçmyrat Gylyçmyradow tora girizdi.

Türkmen futbolçylary Bakuwda 27-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-ä taýýarlygyň soňky tapgyryny geçirýärler. Jemleýji ýaryşda 4-e bölünen 16 topar çykyş eder. Türkmenistanyň ýygyndy topary Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen «B» toparda oýnar.

Her topardan iň gowy iki topar çärýek finala çykar.

Türkmen futzalçylarynyň Aziýa Kubogynyň jemleýji ýaryşynda 10 ýyl arakesmeden soň oýnajakdygyny ýatladýarys. Olar bu hukugy aprel aýynda Bişkekde geçen saýlama oýunlarda üstünlikli çykyş edip, toparda ikinji orny eýelemek bilen gazandylar. Bu ýaryşyň barşynda biziň toparymyz birinji tapgyrda Gyrgyzystany 3:1 hasabynda ýeňdi, soň bolsa Aziýanyň 12 gezek çempiony Eýrandan 0:3 hasabynda utuldy we soňky oýun güni Maldiw adalaryny 7:0 hasap bilen utdy.

Ýakyn wagtda geçiriljek Aziýa Futbol Kubogynyň bu jemleýji ýaryşy Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin taryhda 7-nji ýaryş bolar. Türkmen futzalçylary ozal jemleýji ýaryşlara 2005, 2006, 2007, 2008, 2010 we 2012-nji ýyllarda gatnaşypdy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda aýdylyşyna görä, Bakuwdaky türgenleşik ýygnanyşygynda Aziýa Kubogynyň soňky tapgyryna toparymyzyň düzüminde milli Superliganyň üç klubundan 14 futzalçy taýýarlanýar. Bular derwezeçiler Meretgeldi Baýramow («Deňizçi»), Berdimyrat Sapardurdyýew (Köpetdag) we meýdan oýunçylary Şiri Baýramdurdyýew, Kadyr Berenow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Allamyrat Gurbanow, Danil Pançenko, Maksat Soltanow (ählisi «Deňizçiden»), Mülkaman Annagulyýew, Kerwen Annaorazow, Watan Ataýew, Maksat Myradow, Gurbangeldi Sähedow (hemmesi «Köpetdagdan») we Röwşen Orazmuhammedow («Gümrükçiden») dagydyr.

Türkmenistanyň ýygyndy topary 23-nji sentýabrda tamamlanjak bu ýygnanyşygyň ahyryna çenli baş tälimçi Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygynda Bakuwda ýerli toparlar bilen ýene iki synag oýnuny oýnamagyna garaşylýar.