Ï Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen talyplar bäsleşiginiň jemleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen talyplar bäsleşiginiň jemleri jemlendi

view-icon 5658
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen talyplar bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary boýunça talyplar bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Gözden geçirilişiň netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň birinji ýyl talyby Medine Sopytaganowa ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşikde ikinji orny hem şol uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Kyýasow eýeledi. Üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň üçünji ýyl talyby Dilnoza Muhadowa aldy.

Ýarym finalda üstünlikli çykyş eden we ýaryşda özlerini işjeň görkezen talyplar-da eminler tarapyndan aýratyn bellenildi. Milli kanunçylygyň esaslaryny iň gowy bilýänlere bäsleşigi guran ýokary okuw mekdebiniň Hormat hatlary we çäräniň hemaýatkäri bolan “Nur ýüpek” söwda brendi tarapyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, birinji orny eýelän talyp pul baýragyna we ýaryşyň göçme kubogyna eýe boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu bäsleşik Ýokary diplomatiýa mekdebiniň halkara hukuk we deňeşdirme hukugy bölüminiň mugallymlary we “Ýaş hukukşynaslar” ylmy klubunyň agzalary tarapyndan guraldy. Bäsleşik, sorag-jogap oýny görnüşinde üç basgançakda türkmen we rus dillerinde geçirildi.

Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň raýatlarynyň milli kanunçylyk binýady boýunça biliminiň, ýaşlaryň hukuklarydyr borçlary barada habarlylygynyň umumy derejesine baha bermäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde, bäsleşik oňa gatnaşanlaryň kanuny sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, bu ugurda düşünjesini ösdürmäge, dürli ugurlar boýunça okaýan talyplaryň arasynda hukuk fakultetine bolan gyzyklanmany we ünsi artdyrmaga niýetlenendir.