mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türgenlerimiz Hindistanda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýene iki medal gazandylar

view-icon 2906
Türgenlerimiz Hindistanda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýene iki medal gazandylar

Hindistanyň Puna şäherinde geçirilýän  kuraş boýunça 13-nji  dünýä çempionatynda türkmenistanly zenan türgenleri ýene iki medal gazandylar.

Kümüş medala Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport Baş müdirlginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport Baş müdirlginiň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Aýnur Amanowa 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy.

Mundan öň Türkmenistanyň toparyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowa 78 kilograma çenli agram derejesinde birinji bürünç medaly eýeläpdi.

Kuraş  boýunça  13-nji dünýä çempionatyna Türkmensitanyň zenanlar topary 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň şu görnüşinde kümüş medal eýelän Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygnda taýýarlandy.