mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry

view-icon 2184
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry Maryda, Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde üç duşuşyk bilen başlandy.

Maryda «Merw» topary bilen «Energetik» toparynyň futbolçylary şu möwsümde dördünji gezek güýç synanyşdylar. Ilkinji iki oýun 2:1 we üçünji duşuşyk hem 1:0 hasabynda «Merw» ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şol duşuşyklarda ýeňijilerden pökgüleriň üçüsinem Alibek Abdurahmanow salypdy.

Dördünji duşuşyk örän çekelişikli boldy. 15-nji minutda Alibek Abdurahmanow hasaby açdy. 22-nji minutda Orazberdi Myradow «Merw» toparynyň hasabyny 2:0-a çenli artdyrdy. 34-nji minutda Begenç Alamowyň öz derwezesine uran pökgüsi netijesinde hasap: 2:1 boldy. Şondan 2 minut geçensoň, Alibek Abdurahmanow 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby 3:1-e ýetirdi. 61-nji minutda «Energetik» toparynyň futbolçysy Ruslan Priýew hasaby 3:2-ä ýetirdi. 72-nji minutda Alibek Abdurahmanow bir oýunda üç pökgi geçirip, 4:2 hasabynda «Merwe» ýeňiş getirdi.

Häzirki birinjilikde «Merw» toparynyň «Energetigiň» derwezesine girizen 7 pökgüsiniň 6-syny Alibek Abdurahmanow öz adyna ýazdy, ol soňky üç pökgüsiniň hasabyna 20 pökgi bilen (5-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) ussat futbolçylaryň arasynda öňe saýlandy. Didar Durdyýew («Ahal») 19 (3-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) gezek pökgüni garşydaşlarynyň derwezesine salyp ikinji, Begenç Akmämmedow («Köpetdag») 17 pökgi (3-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen üçünji orunda barýarlar.

Begenç Akmämmedow 17-nji pökgüsini 69-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan «Köpetdagyň» derwezesine saldy, şol wagta çenli «Köpetdag» 60-njy minutda Merdan Muhadowyň geçiren pökgüsinden soň 0:1 hasabynda utulýardy. Galan wagtda hasap üýtgemedi we oýun 1:1 hasabynda deň tamamlandy. Toparlaryň ikisi-de oýny 43-nji minutda Şamämmet Hydyrow («Köpetdag») we Pirmyrat Soltanow («Aşgabat») oýundan çykarylansoň azlykda tamamladylar.

Şu oýundan soň «Köpetdag» topary 32 utuk bilen üçünji orundaky «Merw» toparyndan 7 utuk az toplady.

Türkmenbaşynyň «Şagadamy» topary «Köpetdagyň» deň oýnamagyndan ýerlikli peýdalandy, ol öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçisini» 4:1 hasabynda utup, Türkmenistanyň IIM-niň toparyndan utuk tapawudyny 1 utuga çenli azaltdy.

Balkan welaýatynyň toparlarynyň duşuşygynyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda myhmanlaryň derwezesine jogapsyz 4 pökgi girizilenden soň kesgitlenildi. Ilki Yhlas Magtymow (7-nji minutda ) we Mekan Aşyrow (18-nji minutda ) hersi bir, soňra Kerim Hojaberdiýew (27 we 44-nji minutlarda) iki top saldylar. «Nebitçi» goşmaça 92-nji minutda hem Serdar Tükiýewiň takyk urgusy netijesinde «Şagadam» hasaby 4:1-e ýetirdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry «Ahal» bilen «Altyn asyryň» duşuşygy bilen tamamlanar. Ol liderleriň häzirki çempionatdaky dördünji duşuşygy bolar. Birinji we üçünji aýlawlaryň oýunlary 1:1 we 0:0 hasabynda deň tamamlansa, ikinji aýlawda «Ahal» 2:1 hasabynda utdy.

Jemleýji oýundan öň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirlginiň topary 60 utuk bilen ikinji orunda barýan «Altyn asyrdan» 11 utuk artyk toplady.