Ï Türkmen teatrlary sahnalaşdyrylan Täze ýyl çykyşlaryna çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen teatrlary sahnalaşdyrylan Täze ýyl çykyşlaryna çagyrýar

view-icon 4045
Türkmen teatrlary sahnalaşdyrylan Täze ýyl çykyşlaryna çagyrýar

Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarynyň teatrlary çagalary we olaryň ata-enelerini Täze ýyl baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Her gün «Watan» kinokonsert merkezinde Aşyr dädäniň gatnaşmagynda estrada-sirk şüweleňi geçýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda ähli çagalaar spektakllarynyň öňüsyrasynda «Täze ýyl arçasy» atly täze ýyla bagyşlanan dabara geçirilýär, şonda körpeler ertekilerdäki gahrymanlar bilen gol tutuşyp aýlanýarlar.

Ulular üçin guralan degişme agşamlary hem ruhybelentlik we kalby joşgunlylyk duýgularyny bagş edýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 

07.01.2023: «Gülki agşamy» 19:00;

08.01.2023: «Gelinler» 19:00;

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

07.01.2023: «Gülki oýuny» 19:00;

08.01.2023: «Körpe gelin» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

07.01.2023: «Taze ýyl degişmeleri» 19:00;

08.01.2023: «Taze ýyl degişmeleri» 19:00.

Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

07.01.2023: «Суперзаяц» 11:00;13:00;

07.01.2023: Новогоднее представление «Праздник к нам приходит!» 19:00;

08.01.2023: «Красная шапочка» 11:00; 13:00;

08.01.2023: «Струны души» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

07.01.2023: «Gülki agşamy» 19:00;

08.01.2023: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

07.01.2023: «Täze ýyl arçasy», «Bagjykly we bagjyksyz» 12:00; 15:00;

07.01.2023: «Täze ýyl arçasy», «Şadyýan şow»19:00;

08.01.2023: «Täze ýyl arçasy», «Maşa we aýy» 12:00; 15:00;

08.01.2023: «Täze ýyl arçasy», «Şadyýan şow» 19:00.