Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary Sergeý Prokofýewiň «Petýa we möjek» simfoniki ertekisini ýerine ýetirer. Konsert maksatnamasynda Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Çaga albomyndan» käbir prelýudiýalar-da bar.
Ertekini Wasiliý Andronow okaýar.
Konsert 15-nji ýanwarda sagat 16:00-da we 18:00-da bolar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 223848; 863467277; 514157; 864037456.
* * *
Liwerpulyň «Beatles» toparyna bagyşlanan konsert
Sazandalar Wladimir Mkrtumowyň (fortepiano), Igor Şewsowyň (bas gitara) we Aram Bazikýanyň (deprekler) konserti ÝUNESKO-nyň karary bilen 16-njy ýanwarda bellenýän Bütindünýä «Beatles» gününe bagyşlanýar.
Bütin dünýäde häzire çenli tanalýan we söýülýän meşhur « Beatles» toparynyň aýdymlary bilen Döwran Şammyýew, Eldar Muzaffarow, Asýa Kostanýan we Meýlis Garaýew çykyş ederler.
Konsert 14-nji ýanwarda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 223898514157; 863467177; 864037456.