Ï Nury Halmämmedow: «Keçpelek» filmine sazyň döreýşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nury Halmämmedow: «Keçpelek» filmine sazyň döreýşi

view-icon 5147
Nury Halmämmedow: «Keçpelek» filmine sazyň döreýşi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda türkmen sazyny dünýä derejesine çykaran türkmen kompozitory Nury Halmämmedowa bagyşlanan we täzelenen «Köňül tarlary» spektaklynyň ilkinji görkezilişi köp adamly boldy.

Spektakla ilkinji gezek tomaşa edýänler, şeýle hem girizilen täzeliklere gyzyklanyp gelenleriň ählisi-de Nury Halmämmedowyň jadyly sazlarynyň muşdaklarydy.

Spektakl ajaýyp kompozitoryň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýär, döwürdeşlerimiziň käbiri ony gowy tanapdylar we dostlaşypdylar. Şonuň üçin hem dramaturglar Söhbet Serbazow we Mämmetgurban Mämmetgurbanow «Köňül tarlary» pýesasynyň birinji görnüşiniň üstüne kompozitoryň dost-ýarlarynyň gürrüň beren gyzykly pursatlaryny hem goşdular.

Dramaturglar pýesanyň esasy hökmünde «Keçpelek» kinofilmine sazy döreden döwrüni aldylar, kompozitor şonda hakyky dörejilik güzabyny çekipdi.

– Biz Nury Halmämmedowy ýörite şu tarapdan görkezdik – diýip, Mämmetgurban Mämmetgurbanow gürrüň berýär. – Ýogsa onuň sazlarynyň muşdaklary üçin bu bagty çüwen zehine owazlar «asmandan inýän» ýalydy. Ýöne beýle däldi. Kompozitory tananlaryň aýtmagyna görä, «Şükür bagşy» filmine sazy döredenden soň ol güýçden gaçyp, indi ýekeje saz frazasyny-da ýazyp bilmejek ýalydy.

«Keçpelek» filmine saz döreden döwri Nury Halmämmedowyň hakydasynda öz durmuşynyň has ýatda galyjy pursatlary janlanypdy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Bilbil Mämmedow aktýorlary ýerlikli saýlamagyň hötdesinden gelipdir. Ýurdumyzyň altyn baritony Atageldi Garýagdyýew öz keşbini döreden aktýor Waleriý Dmitriýewi sahnada görende: «Meniň şol döwürdäki keşbimi ol nireden bilýärkä!» – diýip haýran galdy. Gurbannazar Ezizowyň gyzy Ýazgül bolsa ogluna aktýor Andreý Pawlowy görkezip: «Bak, ana seniň babaň» – diýdi.

Resul Nurumow Aram Haçaturýanyň keşbini ajap döredipdir. Anastasiýa Balandina Moskwa konserwatoriýasynda tanyşdyrlyşda alyp baryjynyň keşbinde has saýry görünýär. Aktrisa Alina Andronowa saz mugallymy Olga Kriwçenkonyň keşbini ynandyryjylykly janlandyrypdyr. Bu zenanyň öte duýgurlygy bilen ýene iki kompozitor – Durdy Nuryýew bilen Çary Nurymowyň zehini ýüze çykypdy. Ýanyp duran gözleri we keseki derdini paýlaşmaga başarnygy aktýor Magtymguly Gurbanowy spektaklyň baş gahrymanyna ýakynlaşdyrdy.

Nury Halmmämmedowyň mugallymasy bilen hoşlaşýan pursady has şowly çykypdyr. Köpçülikleýin çeper sahna, demir ýol menziliniň we şol döwürdäki «Duşanbe-Aşgabat» otlusynyň ynandyryjylykly sahnasy haýran edýär. Şunuň ýaly ýetik şowly detallar spektaklyň umumy üstünligine ýerlikli goşant goşdy.