Ï Teatrlaryň sahnalarynda görkeziljek oýunlar we Bütindüniýä Bitlz güni mynasybetli geçiriljek konsertler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatrlaryň sahnalarynda görkeziljek oýunlar we Bütindüniýä Bitlz güni mynasybetli geçiriljek konsertler

view-icon 4283

Dynç günlerinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dürli medeni çäreler garaşýar.

14-nji ýanwarda sagat 17:00-da we 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Bütindünýä Bitlz gününe bagyşlanan «All you need is Beatles» at bilen konsertler geçirilýär.


ÝUNESKO-nyň karary bilen her ýyl 16-njy ýanwarda bütin dünýäde aýdym-saz söýüjiler meşhur iňlis rok toparynyň gününi belleýärler. 

15-nji ýanwarda sagat 16:00-da we 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri rus kompozitory Sergeý Prokofýewiň «Petýa atly oglanjyk we möjek» atly çagalar üçin simfoniki ertekisini ýerine ýetirer. Tekst Wasiliý Andronow tarapyndan okalýar.

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry görkeziljek sahnalar:

14.01.2023: «Gulki agşamy» 19:00;

15.01.2023:« Gulki agşamy» 19:00;

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

14.01.2023: «Bir Selbiniň yşgynda» 19:00;

15.01.2023: «Talyp söýgüsi» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

14.01.2023: «Oskar» 19:00;

15.01.2023: «Ýşk mekany – Hindistan» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda görkeziljek sahnalar:

14.01.2023: «Kriwoý woron» 12:00;

14.01.2023: «Enäniň ýüregi» 19:00;

15.01.2023: «Aladdin we jadyly lampa» 11:00; 13:00;

15.01.2023: «Çudaki» 19:00.