Ï Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine bagyşlanyp, konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine bagyşlanyp, konserti geçirildi

view-icon 5064
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine bagyşlanyp, konserti geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, türkmen-özbek aýdym-sazly konserti geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Konsertiň dowamynda türkmen we özbek aýdymlary, şol sanda halk we häzirki zaman aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlar iki halkyň medeniýetindäki we sungatyndaky umumylyga we aýratynlyklara, olaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.    

Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejede hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.