Ï Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmegi belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmekligi belledi

view-icon 6686

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.