Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

view-icon 5791

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.