Ï Bahar baýramynda – Seýitguly Tülegenowyň konsertine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar baýramynda – Seýitguly Tülegenowyň konsertine

view-icon 4890
Bahar baýramynda – Seýitguly Tülegenowyň konsertine
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Bahar baýramynyň bir gününde «Watan» kinokonsert merkezinde Seýitguly Tülegenow ýekelikde konsert berdi, oňa aýdymçynyň köp muşdagy geldi.

Seýitguly – Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby, ýöne onuň meşhurlygy eýýämden zal doly diňleýji üýşürmäge mümkinçilik berýär. Ol öz döredijiliginde bagşy sungatyny häzirki zaman estrada aýdym-saz elementleri bilen utgaşdyrýar. Aýdym onuň kalbyndan syzyp çykýar, şonuň üçin-de ajaýyp sesi gelen tomaşaçylaryň ýüreklerine ornaýar.

Aýdymçynyň ägirt uly repertuarynda köp sanly türkmen halk aýdymy, şeýle hem Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlar bar. Tomaşaçylar Seýitguludan olaryň söýgüsini gazanan aýdymlara – «Jan-jana», «Küştdepdä», «Sonam geldimi» aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýekelikdäki konsert iki sagat dowam etdi. Aýdymça arasynda demini dürsär ýaly wagt bermek we tomaşaçylaryň ýüreklerini gysdyrmazlyk üçin, konserti alypbaryjy Nejep Meläýew bu boşlugy ajaýyp sazly arakesmeler bilen doldurdy. Nejebem – Medeniýet institutynyň talyby. Ol aňsatlyk bilen köpçüligiň dilini tapyp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip bilýär, şonuň üçin-de bular Seýitguly bilen biri-biriniň üstüni ýetirýärler.

Konsertiň dowamynda bir waka boldy. Çykyşlaryň birinde alty ýaşlaryndaky bir oglanjyk sahna çykdy-da, aýdymyň heňine ussatlyk bilen tans edip başlady. Zaldakylar haýran galdylar, ýöne oglanjyk aýdymyň gutararyna garaşman, duýdansyz ýagdaýda sahnadan gitdi. Ýaş tansçy peýda bolandan soň, beýleki oglan-gyzlar-da sahna çykyp başladylar, ýöne olaryň hiç biri birinji oglanyň hereketlerini gaýtalap bilmedi.

Baýram konserti diňleýjilere uly lezzet berdi we Seýitguly Tülegenowyň zehini muşdaklarynyň sanyny ep-esli artdyrdy.