Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar

view-icon 2438

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýan halklaryň gadymdan gelýän baýramydyr. Umumy däp-dessurlarymyzy geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, dünýäniň çar künjeginde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy biziň dost-doganlygymyzyň beýanydyr. Bu baýram tebigatyň we topragyň täzeden janlanmagynyň, baharyň, täze başlangyçlaryň nyşanydyr.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolup geçen ýertitremeden soňra, Türkiýe Respublikasyna bildirilen raýdaşlyk diňe bir ýurtlarymyzyň arasyndaky berk arabaglanyşygy däl-de, eýsem, biziň halklarymyzyň ýüreklerinde ähli döwürlerde Nowruz baýramynyň ruhunyň ýaşaýandygyny hem görkezdi.

Agzybirligiň we jebisligiň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetimizi gorap saklamaga ýardam berýändiginiň ajaýyp subutnamasy bolan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlarymy iberýärin. Musulman ymmatynyň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygymyzy görkezmek üçin Oraza aýynyň bize ylham çeşmesi boljakdygyna umyt edýärin.

Agyz beklenip, doga-dileg edilýän bu aýda Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyny baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde bize medet bermegini dileýäris.

Hormatly jenap Prezident, Size we ýurduňyzyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlaýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak hem-de doganlyk hoşallygy bilen,

Abdel Fattah AL SISI,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk dileýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, rysgal-bereket dileýärin.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň

orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.