Ï Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady

view-icon 2451
Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady

2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy. Ol ýerde Podmoskowýeniň Krasnogorsk şäherindäki «Crocus City Hall» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç çäreleri geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ilçihananyň kabul ediş otagynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrandan soň, R.Meredow «Moskwa.Krokus Siti Holl. 22.03.2024» diýen ýazgy bilen surat goýulan ýörite ýatlama stolunyň ýanyna baryp, gül dessesini goýdy.

Şol gün, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we ýurdumyzyň köp sanly raýatlary gynanç kitabynda ýazgylaryny galdyrdylar.