Ï Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy

view-icon 3310
Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanly bilim konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede çözülmegine, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ähmiýetli bilim bäsleşiklerine gatnaşmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders olimpiadalarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Halkara ders olimpiadasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi gaznanyň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde halkara çäreleri, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara ders olimpiadalaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny bellemek gerek.

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň ýokary döredijilik ruhuny, bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer halkymyzy, gözel tebigatymyzy, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi wasp edýän aýdym-sazlar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Gadymy siwilizasiýalaryň ojagy hasaplanýan ýurdumyz bu gün täze üstünlikleri gazanýar, Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galýar. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara derejedäki olimpiadalaryň ylmy we döredijilik bäsleşikleriniň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilýän halkara olimpiada hem munuň aýdyň güwäsidir.

Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitap sergisi bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik burçy ýaşajyk myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşlerine, halkara derejede ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk döwlet taglymaty hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döretmek we gurmak ýoly bilen ýetilýän belent sepgitlere, uly üstünliklere, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki barha berkeýän ornuna, jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdirýän tutumly işlere, hususan-da, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn, ruhubelent, innowasion tehnologiýalardan oňat başy çykýan, erjel, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemek ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işlere aýratyn üns çekildi.

Dabaranyň dowamynda halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylara üstünlikler arzuw edildi. Olar bu ýerde mähirli kabul edilendikleri hem-de olimpiadanyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.