Ï Adalatçynyň edarasy aýallaryň reproduktiw hukugy boýunça maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adalatçynyň edarasy aýallaryň reproduktiw hukugy boýunça maslahat geçirdi

view-icon 1542
Adalatçynyň edarasy aýallaryň reproduktiw hukugy boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň edarasy bilen hyzmatdaşlykda üç günlük maslahat geçirdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Adalatçynyň edarasynyň işgärleri gatnaşdy. Maslahatyň maksady oňa gatnaşýanlaryň aýallaryň reproduktiw hukugy babatyndaky mümkinçiliklerini we bilimlerini artdyrmakdy.

ÝUNFPA-nyň halkara geňeşçisi Ýanina Arsenýewanyň gatnaşmagynda geçen bu maslahatda aýallaryň reproduktiw hukugy, maýyplygy bolan adamlar babatynda köpelme bilen baglanyşykly lukmançylyk hyzmatyny amala aşyrmagyň aýratynlyklary we şunuň ýaly hyzmat edilende, guramalardyr edaralar tarapyndan halkara hukugyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşýanlar Türkmenistanda aýallaryň reproduktiw bilen baglanyşykly saglygyny goramak we gender deňligini öňe sürmekdäki oňyn tejribelerini hem gazananlaryny bellediler. Bu çäre 2021–2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça milli hereketleriň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene bir subutnamasy boldy.