Ï Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip

view-icon 1877
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.

Gaznanyň döredilen gününiň şu ýyl Oraza aýyna düşmegi hem bellärliklidir. Türkmen halky taryhyň dowamynda ynsanperwerligiň asylly ýörelgelerine berk ygrarly bolupdyr we şu günki çäräniň bu mübärek günlerde guralmagy taryhy wakanyň halkymyz üçin ähmiýetini has-da artdyrdy.

Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlar we beýlekiler bar. Monitorlarda gaznanyň işi barada gürrüň berýän wideoşekiller, fotosuratlar görkezildi.

Ene-atasyndan jyda düşen, aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky alada bu gaznanyň baş maksadydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmek we goramak boýunça hukuk kepillikleriniň toplumynda, ene-atasyndan jyda düşen çagalary jemgyýete uýgunlaşdyrmaga, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreleriň ulgamynda öz beýanyny tapýar.

Lukmançylyk kömegi berlip, saglygy dikeldilen çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary we çeken suratlarynyň görkezilişi maslahatyň many-mazmunyny artdyrdy. Çagalar özleriniň döredijilik çykyşlary bilen Watanymyza söýgüsini, sagdyn bolmak we durmuşda doly derejeli ýaşamak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar dost-doganlyk, ynsanperwerlik, bagtyýarlyk baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Ýaşajyk suratkeşleriň suratlarynda Aşgabadyň gözel ýerleri, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklar, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, mähriban topragymyzyň gözellikleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesli goldamak we olaryň gyzyklanmalaryny höweslendirmek halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen parasatly ýörelgeleriniň biridir. Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary Watanymyza söýgi, onuň taryhyna we medeniýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki günde Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tutuş dünýäde tanalýandygy nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de beden taýdan sagdyn, ruhy-ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň aýdyň netijesidir.

Şäherlerde we obalarda çagalaryň okamaklary, dynç almaklary, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap mekdepleriň, şol sanda ýöriteleşdirilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň sanynyň artdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Oba milli maksatnamasynyň we ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde tutuş ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän bu durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.

Halkymyzyň çagalara iň gowy zady bermek, olary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar. Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasy ýaş türkmenistanlylary durmuş taýdan goramak we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary netijesinde döredildi. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýär. Gazna giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň lukmançylyk edaralarynyň çagalar bölümleri üçin döwrebap “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň aýdyň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi ulanmaga berildi. Bu ýerde gatnap we ýatymlaýyn bejergi almak üçin bölümler bar. Onda çagalaryň bejergi almaklary, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Howandarlyga mätäç çagalaryň, şol sanda mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň lukmançylyk barlaglaryna we olara dürli operasiýalary geçirmäge, bejergi almaklary üçin tölegleri tölemäge, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaga yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermegi esasynda gaznanyň müdiriýeti köp sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda näsag çagalara operasiýalar geçirildi, bu olaryň köpüsine saglygyny dikeltmäge ýardam etdi. Şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara beýleki bejeriş-anyklaýyş, bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirildi.

Forumyň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen, soňra bolsa Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygy dikeldilen bir çaganyň ejesi öz oglunyň ýagdaýy barada gürrüň berdi. Ol Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize beren goldawlary, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy, rowaçlygy baradaky edýän ýadawsyz aladalary, döredýän şertleri üçin çäksiz hoşallygyny beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir beýanydyr.

Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň goldaw bermeginde we gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen, häzirki wagtda saglyklaryny dikeldip, bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň ene-atalaryndan gelip gowuşýan hoşallyklaryň yzy üzülmeýär.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň we ruhy gymmatlyklarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem bu medal bilen haýyr-sahawat işini ösdürmekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, özara kömek bermek ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine berýän hemişelik goldawy üçin bu ugurda işleýän raýatlaryň hem sylaglanylýandygyny bellemek gerek.

“Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitabyň çapdan çykmagy ýene-de bir möhüm waka boldy. Onda gaznanyň işi barada jikme-jik gürrüň berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri ähli ildeşlerimize ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär.

Maslahata gatnaşyjylar ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň ýurdumyzda uly üns-alada bilen gurşalýandygyny aýratyn nygtadylar. Döwletimiz bu çagalaryň özlerini jemgyýetiň doly derejeli agzalary hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şunda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň bilim almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açmaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin hemme zerur şertler bar.

Türkmen jemgyýetinde dürli sebäplere görä ene-atasyndan jyda düşen çagalar baradaky aladany, ilkinji nobatda, ýakyn garyndaşlary, olar bolmadyk halatynda, daşgyn garyndaşlary öz üstüne alýar. Çaganyň hiç hili garyndaşy bolmadyk ýagdaýynda, ol barada obanyň arçyny alada edýär we ýaşulularyň çözgüdi bilen, çagany maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, bu maşgala oňa öz çagasy ýaly seredýär we terbiýeleýär. Häzirki wagtda şeýle meseleleri, şol sanda ogullyga we gyzlyga almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi hereket edýär. Bellenilişi ýaly, Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri ýerine ýetirmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw bermek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek geňeşiň esasy wezipesidir.

Ýaşulular geňeşiniň agzalary dürli meselelere, şol sanda ene-atasyndan jyda düşen çagalary ogullyga-gyzlyga bermek, olara at we familiýa dakmak bilen baglanyşykly meselelere seredýärler. Şunuň bilen baglylykda, anyk çözgüdi kabul etmek üçin, olara Türkmenistanyň kanunçylygyna, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ygtyýarlyklar berildi. Bu çäreleriň ählisi çagalara özleri baradaky edilýän hemmetaraplaýyn aladany duýmaga hem-de jemgyýetde mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik berýär.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri bejergi almaga mätäç çagalaryň ýurdumyzyň degişli lukmançylyk edaralarynda, zerur bolan halatynda, daşary ýurtlarda-da bejergi almaklary üçin bölünip berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Munuň özi türkmen halkyna mahsus asylly ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň, Ukrainanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili öz çykyşlarynda hoşniýetliligiň, duýgudaşlygyň we mätäje goldaw bermäge çalyşmagyň türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdigini bellediler. Şeýle kömek çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adama ruhy daýanç bolýar. Türkmen halkynyň mizemez ynsanperwer gymmatlyklary ýaş nesliň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasyny düzýär.

Dostlukly ýurtlaryň doly ygtyýarly wekilleri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ynsanperwerlik kömekleri üçin hoşallyklaryny bildirdiler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Çagalar baradaky alada — döwletiň röwşen geljegi baradaky alada” diýen parasatly jümlelerini mysal getirdiler. Ynsanperwerlik kömegi Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ähmiýetli ornunyň aýdyň mysalydyr diýip, ilçiler bellediler.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriniň, möhüm sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan hemişe goldanylýandygyny belledi. Şunda döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklar üçin bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti nygtaldy.

D.Şlapaçenko BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu şanly wakanyň hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy goldamaga, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Ol şu gezekki forumyň ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak babatdaky meseleleri netijeli çözmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtap, gazna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurdy.

Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ýaş nesliň saglygy hem-de rowaçlygy baradaky edýän ýadawsyz aladalary, Türkmenistanda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri ugrunda döredilýän ajaýyp şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň, halkymyz barada edýän aladasynyň, ýaş nesil üçin döredilen şertleriň döredijilikli zähmete hem-de ýagty geljege ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Agşam çärelere gatnaşyjylar üçin agzaçar sadakasy berildi. Onda türkmen topragynyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi barada doga-dilegler edildi.

* * *

Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylary bu ýokary okuw mekdebiniň giň meýdançasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Olar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, kitap sergisi bilen tanyşdylar, wideoşekillere tomaşa etdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden okuwçylaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Onuň jemlerine laýyklykda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň, ikinji orna Türkmenistanyň, üçünji orna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat toparlar mynasyp boldular. Birinji orny eýelän okuwçylaryň toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuterleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi. Ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň okuwçylaryna kümüş we bürünç medallar, diplomlar, «akylly» saglyk sagatlary gowşuryldy. Bäsleşikde Türkmenistanyň okuwçylary jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýapylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadag şäherinde üstünlikli geçirilen halkara olimpiadanyň okuwçylaryň kalbynda örän ýakymly duýgulary döredendigini, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Şu günki çäreleriň çäklerinde çagalar we halkara matematika olimpiadasyna gatnaşan okuwçylar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna täze “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine gezelenç guraldy.