Ï Gündogar sebitde owlak-guzy möwsümi üstünlikli tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogar sebitde owlak-guzy möwsümi üstünlikli tamamlandy

view-icon 1833
Gündogar sebitde owlak-guzy möwsümi üstünlikli tamamlandy

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer maldarlary ýurdumyzyň maldarlary üçin jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümini üstünlikli tamamladylar.

Bu hysyrdyly möwsüme doly taýýarlykly gelinmegi netijesinde Gündogar sebitiň maldarlary şu möwsümde meýilleşdirilen 79 müň 200-den gowrak ene goýundan 72 müň 718 guza derek 73 müň 912 sany guzy almaklygyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa möwsümde göz öňüne tutulandan 1 müň 200-e golaý owlak-guzynyň artyk alnyp, ýyllyk meýilnamanyň 101,6 göterim amal edilendigini aňladýar. 

Häzirki wagtda Lebap welaýaty boýunça «Serdar», «Jeýhun», «Garagum», «Tallymerjen», «Köýtendag» ýaly maldarçylyk hojalyklary hereket edip, olara degişli dowarlar Garagum hem-de Gyzylgum ýaýlalarynda, Köýtendagyň eteklerindäki baýyrlyklarda idedilýär. Bu maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem gyş möwsümi üçin mallara ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot-iýmleriniň taýýarlanylmagy, hojalyklaryň ygtyýarynda bar bolan kaşarlaryň ählisiniň abatlanylmagy gyşyň aýazly günlerinde hem mallaryň dok we ýyly saklanylmagy, şeýle hem owlak-guzy möwsümine taýýarlykly gelinmegi, onuň üstünlikli geçmekligine ýardam etdi. 

Ýetilen belent sepgit hojalyklaryň degişli hünärmenleriniň, weterinar lukmanlarynyň, kärendeçi çopanlarynyň tagallalarynyň birikdirilip, bilelikde iş alnyp barylmagy netijesinde mümkin boldy. Welaýatyň maldarlarynyň üstünligine Çärjew etrabynyň «Serdar» we Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklary önjeýli goşant goşmaklygy başardylar. Bu hojalyklar möwsümde degişlilikde 2 müň 937 we 14 müň 987 owlak-guzy alyp, ýyllyk meýilnamany has irki möhletde ilkinjiler bolup ýerine ýetirdiler. Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary hem guramaçylykly işleriň, tutanýerli zähmetiň netijesinde möwsümde 28 müň 80-den gowrak owlak-guzy alyp, welaýatyň maldarlarynyň belent sepgide ýetmekligine mynasyp goşant goşdular. 

Möwsümiň dowamynda Saýat etrabynyň «Jeýhun» we Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň hem degişlilikde 19 müň 981 we 7 müň 927 owlak-guzy alandyklaryny, şeýlelikde Gündogar sebitiň ähli maldarçylyk hojalyklarynyň owlak-guzy almak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerini buýsanç bilen aýdyp geçmek bolar.