Ï Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi

view-icon 1697
Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi

Howanyň amatly gelmegi, baglaryň ir oýanmagy, tut ýapraklarynyň ir ýetişmekleri netijesinde Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän etraplarda pileçi-kärendeçilere ýüpek gurçuklary paýlanylyp, olary idetmeklik işlerine guramaçylykly girişildi. 

Geçen ýyl şertnamalaýyn borçnamalaryny 103 göterimden aşyryp berjaý eden lebaply ussat ýüpekçiler şu möwsümde hem 27 müň 654 guty ýüpek gurçugyndan ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1 müň 10 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyz boýunça öndürilýän jemi piläniň ýarymyna golaýdyr. Üstümizdäki ýylda Çärjew etrabynyň pileçileri 261 tonna, Saýat etrabynyň ussat pileçileri 185,8 tonna, Halaç hem-de Dänew etraplarynyň pileçileri hem degişlilikde 146,3 we 140 tonna pile öndürmeklige borçlanýarlar. 

Bu görkezijiler ýokarda agzalan etraplaryň welaýatyň döwlete pile tabşyrmak baradaky tabşyrygyny amal etmekliginde möhüm orna eýediklerine şaýatlyk edýär. Şu möwsümde welaýatda ýüpek gurçugynyň daşary ýurtdan getirilen sortlary bilen birlikde «Lebap-1», «Lebap-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2», «Türkmen» we «Ak pile» ýaly görnüşleri idediler. 

Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde bu möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görlendigini belläp geçmek hem zerurdyr. Häzirki wagtda welaýatda öz işine ussat tejribeli ýüpekçileriň 22 müň töweregi bilen şertnama baglaşylypdyr, şeýle hem sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş sehleri möwsüme doly taýýar edilipdir. Munuň özi kärendeçi-pileçilerden önümi bökdençsiz kabul etmeklige, gysga wagtda piläniň hilini anyk kesgitlemäge, saklamaga hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda degişli işleri geçirmeklige mümkinçilik berer. 

Welaýatyň ähli etraplarynyň hojalyklarynda tut agaçlaryna ýylyň dowamynda yzygiderli ideg edilmegi, ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilmegi, möwsümiň dowamynda «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň ýüpekçileriň arasynda yzygiderli bolup, gymmatly maslahatlary berip durmaklary, pileçi-kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen utgaşyp, lebaply ýüpekçileriň şu önümçilik ýylynda hem öňde goýan belent maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.