Ï Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşarlar

view-icon 1541
Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşarlar

Şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Forumyň maksatnamasy, çykyş etjekler we sessiýa alypbaryjylary, şeýle hem bu giň gerimli çärä gatnaşjaklaryň çen edilen sanawy kesgitlendi. 

Bu forumda nebitiň we gazyň öndürilmegi, daşalmagy we gaýtadan işlenmegi, gaýtadan dikeldip bolýan energetikany ösdürmek we energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek barada halkara gepleşikleri ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Türkmenistanyň milli guramalary we ministrlikleri gatnaşar. Olar geljekki maýadarlara täze maýa goýum taslamalary barada ygtybarly we giňişleýin maglumat bererler. Bu guramalara şular girýär: «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI «Pipeline Company Limited», «Türkmengaz» DK-niň ýanyndaky «Tebigy gaz ylmy gözleg instituty».

TEIF 2024-e gatnaşýanlaryň beýleki kategoriýalary: Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar; halkara we milli kompaniýalar; maliýe edaralary we banklar; uniwersitetler hem ylmy-derňew merkezleri we metbugat.

Pariž forumyna Türkmenistanyň ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyndan dürli ugurda işleýän ondan gowrak kompaniýa we aýry-aýry kärhanalar gatnaşar. Foruma gatnaşmaga meýil bildirenler: «Inžener çözgütleri» — ýurdumyzyň nebit-gaz, senagat we energetika gurluşygy pudagyndaky iň uly gurluşyk we inženerçilik şereketleriň biri; Türkmenistanda ulagyň ähli görnüşi bilen ulag we logistika hyzmatlaryny we gümrük dellallygyny amala aşyrýan «Eminli maslahat» HK; Nebit-gaz we energetika pudaklarynda, import-eksport we awtomobilli ýük daşama hyzmatyny hödürleýän «Garagum hazynasy» HK; Türkmenistanyň bazarynda ulag-ekspeditorlyk we dellalçylyk hyzmatlary boýunça iş alyp barýan «Meşhur ýol» HK.

TEIF 2024-e «Rysgally gün» «Bereketli ulag», «Ýol tumary» we beýleki telekeçi gurluşlar hem gatnaşar diýlip çak edilýär.