Ï Eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär

view-icon 2292
Eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde 18-nji maýda geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda bu günki gün türkmen edebiýatynyň täze milli ýoluny esaslandyran, häzirki zaman türkmen edebi diliniň kämilleşmegine önjeýli goşant goşan akyldar şahyryň şygyrlary onlarça ýurtda we dillerde neşir edilip, dünýäniň ylmy-edebi jemgyýetçiligine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsini halkara giňişlikde wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.