Ï Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi

view-icon 2108
Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi golaýda bellenen Halkara «Galyndysyz dünýä ugrunda» gününiň çarçuwasynda galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigini yglan etdi. 

Türkiýe tarapyndan başlanyp, halkara derejesinde bellenýän «Galyndysyz gün» sarp edilişiň we önümçiligiň durnukly kysymlarynyň öňe sürülmegine, geljek nesilleriň galyndylary dolandyrmagyň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan arassa we ýaşamaga ýaramly planetany miras almagy üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi ýaşlaryň galyndylar meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we materiallaryň gaýtadan ulanylyşynyň dürli mümkinçiliklerini görkezmek arkaly onuň çözgüdine döredijilikli çemeleşmäge itergi bermek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşik işlerine üç ugur boýunça baha berler: «Iň döredijilikli iş» – aňladýan pikiri we ýerine ýetirilişiniň özboluşlylygy üçin; «Iň ykjam iş» – durmuşda ulanylyşynyň aňsatlygy we peýdalylygy üçin; «Iň ekologik iş» – taýýarlananda, iň köp material ulanylandygy we galyndynyň ujypsyz derejä ýetirilmegi üçin.

Her ugur boýunça ýeňijilere diplomlar, ýadygärlik sowgatlar we ekologiýa harytlary dükanlaryndan şahadatnama berler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin galyndy çig mallardan bir zat ýasamaly. Çig mal hökmünde plastik çüýşe, karton, kagyz, dokma önümlerini we şuňa meňzeşleri ulanmak bolar. Ýasalan zadyň ölçegi islendik babatda 50 santimetrden geçmeli däldir. Ýasalan zada awtorynyň adyny we familiýasyny, ýaşyny, ýasalan zadyň adyny we ulanylan materialyň gysgaça beýanyny görkezýän ýarlyk ýelmenmeli. Işler «Ylym» neşirýatynda 22-nji aprele çenli kabul edilýär. Salgysy: Azady köçesi, 61-nji jaý, 2-nji gat.

Goşmaça maglumaty +99361893832 telefon belgi ýa-da tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysy arkaly alyp bilersiňiz.