Ï Berlinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berlinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 1688
Berlinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Berlin şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly iki kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

Gatnaşyjylar ýaş nesli dogruçyllyk, watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň şöhratly taryhy we baý milli medeni mirasy öwrenmekdäki we ýaýratmakdaky ähmiýeti barada çykyş edenler, mazmunynyň maglumat kuwwaty, materiallaryň görkezilişiniň çuňlugy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýan kitaplaryň ylmy, bilim we amaly derwaýyslygyna üns çekdiler. Täze kitaplaryň neşir edilmegi, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilýän ýylda ajaýyp sowgada öwrüldi.

Çäräniň barşynda türkmen we nemes dillerinde Magtymguly Pyragynyň watançylyk ruhundaky şygyrlary okaldy.