Ï «Galkanyň» hokkeýçileri Eýranyň toparyny utup, üçünji gezek ýeňiş gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkanyň» hokkeýçileri Eýranyň toparyny utup, üçünji gezek ýeňiş gazandylar

view-icon 2220
«Galkanyň» hokkeýçileri Eýranyň toparyny utup, üçünji gezek ýeňiş gazandylar
camera-icon
Hasan Magadow

Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkan» topary Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda garşydaşlaryndan yzygiderli üstün çykýar.

Ilkinji iki tapgyrda Bahreýnden «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny – 8:1 hasabynda we Omanyň «Oman Nationals» toparyndan 15:1 hasabynda üstün çykandan soň Andreý Makarow bilen Meýlis Kulyýewiň tälim berýän türgenleri şu gün Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1 hasabynda ýeňdi.

Erkin Kakabaýew eýýäm oýnuň 1-nji minudynda derwezebana degip yzyna gaýdan şaýbany tora saldy. 2-nji minutda Pawel Barkowskiý sag gyradan Arslan Geldimyradowa geçiren şaýbasyny derwezä gönükdirdi. 8-nji minutda bolsa Ahmet Gurbanow Döwrangeldi Baýjaýewe şaýbany geçirmäge kömek etdi.


Duşuşygyň 11-nji minudynda gözegçiliksiz galan derwezä Begenç Döwletmyradow güýçli urgy bilen «Galkanyň» artykmaçlygyny 4:0-a ýetirdi. 15-nji minutda toparymyzyň iki oýunçysy bir goragçynyň garşysyna çykyp, Pawel Barkowskiý Arslan Geldimyradowyň beren şaýbasyny bäşinji gezek tora girizdi. Bir minutdan soň Baýmyrat Baýmyradowyň kömegi bilen Serdar Kakajanow ýene bir şaýbany geçirdi. 6:0 hasabynda toparlar ilkinji arakesmä gitdiler.


Ikinji döwürde türkmen hokkeýçileri garşydaşynyň derwezesine ýene alty şaýba geçirdiler, 14-nji minutda «Ice Box Iran Mall» topary ýekeje jogap şaýbasyny geçirdi. Toparymyzdan Perhat Atekäýew üç şaýba saldy, Arslan Nuryýew, Öwezguly Esenow we Aleksandr Wahowskiý bir şaýbadan geçirdiler.

Soňky 20 minutda Musa Annasaparow Eýran toparynyň birnäçe oýunçysyny çep tarapdan ýeňip geçip, şaýbany ýakyn aralykdan derwezäň burçuna takyk zyňmak bilen jemleýji şaýbany geçirip, hasaby 13:1 etdi.

Şu oýundan soň «Galkan» topary 9 utuk bilen «A» toparçada öňdeligini hasam berkitdi.

Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi buz meýdançasynda geçirilen «B» toparçadaky beýleki bir oýunda Belarus Respublikasynyň «Wolat» topary Gazagystanyň «Akmola» toparyny 6:4 (2:0, 2:1, 2:3) hasabynda ýeňip, ikinji ýeňişi gazandy. Gazagystanly toparyň Aşgabatda geçirilýän hokkeý ýaryşynda ilkinji ýeňlişi boldy. Bu oýundan soň «Wolat» (Belarus Respublikasy) we «Akmola» (Gazagystan) toparlarynyň hersi 6 utuk toplady. 3-nji tapgyryň indiki oýnunda «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystan Respublikasy) topary «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparyny utsa 6 utuk toplar.

Ýaryş dowam edýär.