Ï «Volat» hokkeý toparynyň wekili: «Aşgabadyň gözelligi gowy oýnamaga höwes döredýär»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Volat» hokkeý toparynyň wekili: «Aşgabadyň gözelligi gowy oýnamaga höwes döredýär»

view-icon 1720
«Volat» hokkeý toparynyň wekili: «Aşgabadyň gözelligi gowy oýnamaga höwes döredýär»

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň ikinji güni hem gyzykly boldy. Şu gün «Volat» (Belarus Respublikasy) we «Team-Turkiye» (Türkiýe) hokkeý toparlary Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda duşuşdylar.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Wasiliýewiç Beskostyý gatnaşdy. Ol biziň bilen gysga söhbetdeşlikde:

– Belarus Respublikasynyň toparyny goldamak üçin geldim. Onuň çykyş edýän «B» toparçasynda gaty güýçli toparlar bar. Bu gün oýunçylarymyz ýaryşa ýeňiş bilen gowy başladylar. Toparlaryň ählisine ýaryşda üstünlik arzuw edýärin – diýdi.

«Volat» hokkeý toparynyň ilkinji gezek halkara ýaryşyna gatnaşýandygyny bellemek gerek, toparyň wekilleriniň pikirine görä, hokkeýçileriň Aşgabadyň buz meýdançasynda çykyş etmegi uly abraýdyr.

– Bu biziň Türkmenistana ilkinji gezek gelşimiz. Aşgabat örän owadan we arassa şäher. Daş-töweregimiziň gözelligi bizi gowy oýnamaga höweslendirýär – diýip, «Volat» hokkeý toparynyň wekili Ýewgeniý Posled gürrüň berýär. – Biz üstünlikli oýundan soň täze Arkadag şäherine baryp görmegi, şeýle hem rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine syn etmegi meýilleşdirýäris.

«Volat» hokkeý toparynyň goragçysy Dmitriý Şapowalow Türkmenistanyň paýtagty barada:

– Aşgabat örän myhmansöýer şäher. Bizi gowy garşy aldylar. Janköýerleriň goldawy duýulýar. Ertir ýene bir oýun bar. Biz özümize ynanýarys we ýeňmegi ýüregimize düwýäris.

Halkara hokkeý ýaryşy gyzykly geçýär. Janköýerlere soňky maglumatlary almagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň saýtynda «Hokkeý-2024» salgysy döredildi.

Mundan başga-da, hokkeý oýunlary «Türkmenistan sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezilýär.