Ï «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekilleri Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekilleri Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna baryp gördüler

view-icon 2057
«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekilleri Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna baryp gördüler

«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Wekiliýete korporasiýanyň baş direktorynyň orunbasary Çian Ming ýolbaşçylyk etdi.

Saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, şeýle hem infrastrukturasy, tehniki enjamlary hem-de geljegi babatynda ösüşleriniň ugurlary bilen tanyşdylar.

Deňiz portunyň wekilleri ýolagçy-parom terminalynyň mümkinçilikleri, hyzmat edilýän parom gämi gatnaw ugurlary we parom hyzmatlaryny ösdürmegiň geljegi barada gürrüň berdiler.

Hytaý wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanşyp, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna ýokary baha berdiler, olar portuň amatly geografiki ýerleşişini, häzirki zaman infrastrukturasyny we geljekde ösüş üçin möhüm mümkinçiliklerini bellediler.