Ï Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

view-icon 3324
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän syýasaty hem bu ugurdaky işlere gönüden-göni ýardam berýär. “Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, döwrebap ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly strategik ugurlar göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan döredijilikli syýasatyny mynasyp durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy aýdyldy.

Ýurdumyzyň ulag boýunça 10-dan gowrak halkara konwensiýa gatnaşýandygy, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy dürli ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen degişli kararnamalary kabul etdi. Geçen ýyl bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi.

Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmekde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz DÝHG-niň çäklerinde maglumat tehnologiýalary, ylmy-tehniki, ekologik meseleler boýunça hem hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň milli ulag infrastrukturasyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryny doly goldaýandygy bellenildi. Munuň özi Aziýa yklymynyň merkezindäki demir ýol geçelgeleri ulgamynyň üstaşyr mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Guramanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Taraplar DÝHG-niň esasy mejlislerini geçirmegiň, bar bolan we täze açylan ugurlar, hususan-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol geçelgesi boýunça ýurdumyzyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak kuwwatyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerde sebitiň iň möhüm söwda ýollary üstünden geçen Türkmenistana ýedi ýoluň çatrygy hökmünde garalypdyr. Täze taryhy döwürde Ýewraziýa yklymynyň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň gülläp ösmegi ugrunda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýurdumyz ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalyşýar. Soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolýan milli demir ýol pudagy häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna gadam basyp, Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine güýçli itergi berdi.

Demir ýol pudagyna örän uly talaplaryň bildirilýändigi bellenildi. Şol talaplar onuň işiniň dürli ugurlaryna degişlidir. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemäge, demir ýoluň hereket düzümlerinden netijeli peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we howpsuzlygy hödürlemäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge degişlidir.

Nygtalyşy ýaly, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar bu awtobanyň gurulmagynyň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilmeginiň nobatdaky subutnamasydygyny belläp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar. Şanly sene mynasybetli DÝHG-niň komitetiniň başlygy M.Antonowiç “Türkmendemirýollary” agentligine ýörite ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetler iş toparlarynyň infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi, demir ýollaryň arasynda özara hasaplaşyk tertibi, karzy üzmek mehanizmi hem-de beýleki ugurlar boýunça 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlediler.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de degişli Teswirnama gol çekildi. Şeýle-de mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gurama agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Ýygnananlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň işiniň netijeli geçmegi ugrunda amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we bu duşuşygyň özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.