Ï Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda

view-icon 2747
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy.

Bu gezekki maslahat we onuň çäklerinde guralan sergi “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän möhüm çäreleriň birine öwrüldi.

Döwletimiz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna eýermek bilen, ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Ýer ýüzünde nurana geljegi gurmak işine işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy hem şeýle wajyp ugurlaryň biridir. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga goşýan bahasyz goşantlary bilen öňdebaryjy orunlara çykýandyklary bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, watansöýüji, ýokary ahlakly, bilimli, sagdyn bedenli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Garaşsyz Watanymyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmekleri, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Häzirki wagtda talyplar sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli ders olimpiadalarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS — 2024) hem ýokary netijeleri gazandylar. Akyl-paýhas bäsleşiginde ýakynu-alysdaky döwletleriň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler.

Ders olimpiadasynyň birinji tapgyrynda oňa gatnaşyjylara bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň tassyklan sanawy esasynda programma dilleriniň dürli amaly wezipelerini çözmek üçin 5 ýumuş berildi. Ikinji tapgyrda kiberhowpsuzlyk boýunça wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça tehniki ýumuşlar ýerine ýetirildi. Ýumuşlar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň professor-mugallymlaryndan, hünärmenlerinden ybarat iş topary tarapyndan taýýarlanyldy. Netijeleri kesgitlemek üçin bolsa bu bilim ojagynyň mugallymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiliginiň mümkinçiliklerinden peýdalanyldy.

Maslahatyň ahyrynda halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy.

Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gatnaşyjylar bu möhüm akyl-paýhas bäsleşiginiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp, onuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Umumy pikire görä, şeýle çäreleriň geçirilmegi dünýäniň ylym-bilim giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlarymyzyň durmuş işjeňligine, ylmyň we bilimiň öňdebaryjy gazananlaryna gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagyna, möhüm ugurlar boýunça daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara pikir alyşmaklaryna, ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklaryna şert döredýär.

Şu gezekki maslahatyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belläp, ýygnananlar parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylar hem-de myhmanlar üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Halkara ders olimpiadasyna we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Myhmansöýer türkmen topragynda bolýan günlerinde daşary ýurtly talyplar ýaşlarymyzyň bilim almagy üçin döredilen döwrebap şertler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleriniň guralyşy we ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleri bilen tanyşdylar.