Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýadaky adalatçylaryň edaralary üçin maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýadaky adalatçylaryň edaralary üçin maslahata gatnaşdy

view-icon 1800

Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti aprel aýynyň 15–20-si aralygynda Finlýandiýa Respublikasynda bolan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky adalatçylaryň edaralary üçin maslahata gatnaşdy.

Helsinki uniwersitetiniň we Finlýandiýanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Kanun hökmürowanlygy merkeziniň goldamagynda guralan bu çäräniň esasy maksady Finlýandiýanyň adalatçysynyň tejribesini öwrenmek, adam hukuklarynyň goragyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýerlik taýýarlamak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Finlýandiýanyň milli hukuk goraýjy guramalarynyň arasynda adam hukuklarynyň goragynyň häzirki zaman usullary boýunça tejribe alyş-çalşygyny ýola goýmakdyr.

Maslahatyň birinji gününde oňa gatnaşýanlary Finlýandiýanyň daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň we Kanun hökmürowanlygy merkeziniň wekilleri gutlap, garşy aldylar. Soň maslahat «tegelek stol» görnüşinde dowam etdi. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň adalatçylary öz edaralarynyň işi barada gysgaça maglumat bilen çykyş etdiler. Maslahat Finlýandiýanyň wise-kansleri Mikko Puumalaýneniň ýurtdaky hukuk goragy ulgamyna bagyşlanan tanyşdyryş çykyşy bilen dowam etdirildi. Maslahatyň birinji güni çykyş edenleriň öz çykyşlarynda gozgan wajyp meseleleri boýunça çekişmeler bilen tamamlandy.

Çäräniň maksatnamasynda birnäçe halkara duşuşyk we Finlýandiýanyň parlamentine, Adalatçynyň edarasyna, Ýokary administratiw kazyýete, Baş prokuroryň edarasyna we Adalat kansleriniň edarasyna sapar göz öňünde tutulypdy. Maslahat adam hukuklarynyň goragy babatynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adalatçylarynyň gündelik işleri barada pikir alyşmaklary we hukuk goragy boýunça üstünlikli hereket edýän resminamalary hödürlemek, bu pudakda Ýewropa tejribesini öwrenmek üçin degerli ýerlik boldy.