Ï Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» bäsleşigi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» bäsleşigi geçirilýär

view-icon 2012
Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  «Ýaş innowatorlar» bäsleşigi geçirilýär

Şu ýyl ylmy, bilimi we önümçiligi birikdirip, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň kuwwatly resursyny döredýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň esasy düzüm bölegi bolan Tehnologiýalar merkeziniň açylan gününe on ýyl dolýar.

Şu sene bilen baglanyşyklylykda, TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» atly döredijilik işleriň bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik giň dünýägaraýyşly we häzirki zaman bilimli ýokary sowatly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalara gyzyklanmasyny artdyrmak, zehinli we döredijilikli pikir ýöredýän okuwçylary ýüze çykarmak hem höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşik işleri bäş mowzuk boýunça kabul edilýär:

– Himiýa, ekologiýa;

– Fizika, energetika;

– Biologiýa, oba hojalygy, lukmançylyk we sagdyn durmuş;

– Maglumat tehnologiýalary, matematika;

– Tehnologiýalar we tehniki döredijilik.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär – etrap (şäher), welaýat we Aşgabat hem Arkadag şäherleri derejesinde we jemleýji ýaryş. Bäsleşigiň etrap (şäher) tapgyry 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerini goşmak bilen, welaýat tapgyry 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda, jemleýji ýaryş bolsa 2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda geçiriler. Bäsleşigiň ilkinji iki tapgyryny degişli bilim müdirlikleri, jemleýji ýaryşy bolsa TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki buýrugy bilen döredilen guramaçylyk komiteti hem eminler topary geçirer.

Bäsleşigiň jemleýji ýaryşyna her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden her mowzuk boýunça ilkinji üç ýeri alan 15 iş gatnaşar. Döredijilik işleri bir ýa-da iki ýokary synp okuwçysy tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Her mowzuk boýunça bäsleşigiň emin topary bir birinji, iki ikinji we üç üçünji ýer berýär.

Bäsleşige gatnaşýanlar, etraplarda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçen ýaryşlar tapgyrynda I, II we III ýerleri alanlar birinji, ikinji we üçünji derejeli diplom alarlar. Jemleýji ýaryşyň ýeňijileri TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.