Ï «Balkandokma» ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Balkandokma» ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrýar

view-icon 1802
«Balkandokma» ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp derejede zähmet çekýän önümçilik toplumlarynyň biri-de Günbatar sebitiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýokary kuwwatlykly kärhanalarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän toplum döwrebap tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilendir.

Milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň buýsançly ösüşlerine saldamly goşant goşýan agzybir kärhanada işler üç çalşykda guramaçylykly amala aşyrylýar. Häzirki wagtda kärhanada öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli ýüplükleriň hyrydarlary barha artýar. Munuň özi, kärhananyň harytlyk nyşanly önümleriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlaryň sarp edijileriniň arasynda hem giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Kärhananyň zähmetsöýer, tejribeli hünärmenleri şu ýylyň ilkinji çärýeginde-de gowy önümçilik görkezijilerini gazanmagy başardylar. Olar şu döwürde ösen häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän 1030 tonna ýokary hilli ýüplükleri öndürdiler. Şu günlerde hem kärhananyň ähli bölümlerinde işler saz we bökdençsiz guralyp, ýokary hil derejesinde alnyp barylýar.