Ï BMG-niň BÝKE Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň işgärleri üçin maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň BÝKE Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň işgärleri üçin maslahat geçirdi

view-icon 1841
BMG-niň BÝKE Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň işgärleri üçin maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň işgärleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarlygynyň edarasy tarapyndan okuw maslahaty guraldy.

Ony BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarlygynyň wekiliýetiniň agzalary – BMG-niň BÝKE-niň hukuk goragy boýunça uly geňeşçisi Rano Saýdumarowa, BMG-niň BÝKE-niň Merkezi Aziýadaky raýatsyzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Sergeý Gaýna we BMG-niň BÝKE-niň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi Hanifa Kerimi dagy geçirdi.

Bu çäre-de beýleki maglumat dersleri ýaly raýatsyzlyk ýagdaýyny azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara ülňüler hem iň gowy tejribeler bilen tanyşdyrmak, bu meseleleri çözmekde tejribe alyşmak we Türkmenistanyň Adalatçysy bilen BMG-niň BÝKE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak arkaly Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň işgärleriniň raýatsyzlyk we ynsanperwerlik meseleleri boýunça mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirildi.

Maslahat kömege mätäç we raýatlygy ýok adamlaryň ýagdaýlaryny ýüze çykarmak hem olara çäre tapmak barada boldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň BÝKE-niň esasy konwensiýalaryna goşulmak, raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak, Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmakda ýurduň esasy wezipesini kesgitleýän işleriň hukuk binýadyny berkitmekde gazanan üstünlikleri bellendi.

BMG-niň BÝKE-niň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan 2019–2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Milli meýilnamasynyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky bütindünýä maksada ýetmek üçin alnyp barylýan #IBELONG möwsüminiň çäginde bellenen möhletde möhüm ornunyň bolandygyny bellediler.