Ï Mary welaýatynda täze awtobuslar işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda täze awtobuslar işe girizildi

view-icon 1787
Mary welaýatynda täze awtobuslar işe girizildi

Mary şäheriniň içinde we Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýakynynda ýerleşýän ilatly nokatlarda hem-de etrap merkezleri bilen birleşdirýän onlarça täze ugurlarda Ýaponiýada öndürilen häzirki zaman «HIASE» we «COASTER» kysymly awtobuslaryň gatnawlary ýola goýuldy.

«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň Mary ýolagçy awtoulag transport kärhanasynyň tehniki bölüminiň wekili täze amatly awtobuslaryň işe girizilmegi netijesinde ýolagçylaryň wagtlaryny ep-esli tygşytlaýandygyny belleýär.

Mundan başga-da, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlen awtobuslar Ýolöten, Tagtabazar we Baýramaly etraplarynyň täze ugurlary boýunça hem gatnaýarlar.