Ï Türkmenistanda öndürilýän ýertudana isleg uly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda öndürilýän ýertudana isleg uly

view-icon 1627
Türkmenistanda öndürilýän ýertudana isleg uly

Ýerli «Tudana» hususy kärhanasynyň önümleri häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanda iri ýertudana öndüriji bu kärhana ýylboýy datly miweleri ýetişdirýär.

Kärhananyň ýyladyşhana toplumy ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýän, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün edýän häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kärhana ýertudanany Gazagystana we Özbegistana eksport edýär.

Önümler howa geçirmeýän özboluşly gaplarda satylýar. Önümçilik nou-haularyndan biri hem ýertudanany tabşyryk boýunça öndürmekdir.

Şokolad örtükli saýlama ýertudana adaty görnüşde we sowgatlyk sebetlerinde bezeg hökmünde ulanylyp bilner.

Ýertudanany önüm öndürijiniň salgysy boýunça sargyt edip bolýar.