Ï Türkmenistanyň wekiliýeti ÝTÖB-niň Ýerewan şäherinde her ýylda geçirilýän ýygnagyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝTÖB-niň Ýerewan şäherinde her ýylda geçirilýän ýygnagyna gatnaşdy

view-icon 1623
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝTÖB-niň Ýerewan şäherinde her ýylda geçirilýän ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň orunbasary Myratdurdy Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Delivering Impact Together» atly umumy temasy boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň 33-nji ýyllyk ýygnagyna we iş forumyna gatnaşdy.

Bu çäre 14-16-njy maý aralygynda Ýerewan şäherinde geçirildi. Duşuşyga 74 ýurtdan, halkara guramalaryndan we hususy pudak guramalaryndan ýokary derejeli resmi wekiliýetleriň, wekillerini goşmak bilen takmynan 2000 gatnaşyjy ýygnandy.

ÝTÖB-niň her ýylda geçirýän duşuşyklary bütindünýä maliýe we ykdysady gurşawda bolup geçýän wakalary we umumy gyzyklanma döredýän meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşmaga we halkara guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Agzalan maslahatlaryň çäginde umumy mejlisler hem geçirilýär, onda ÝTÖB-niň alyp barýan işleriniň çäginde geçen ýylda geçirilen işleriň netijeleri jemlenýär we geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär.