Ï Türkmenistanly karateçi Ispaniýada geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy ýaryşynda bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçi Ispaniýada geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy ýaryşynda bürünç medal gazandy

view-icon 1535

Türkmen türgeni Alymuhammet Kakalyýew Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy I dünýä tapgyrynyň halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 70 ýurtdan 3035 türgen gatnaşdy, olar diňe 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejelerinde medallar ugrunda däl, eýsem, 2026-njy ýylda Dakarda (Senegal) geçiriljek IV tomusky Ýetginjekler Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän görkeziji utuklary ugrunda hem bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň «AA»-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, ýaryşda toparymyzdan 21 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 6 emin gatnaşdy.

Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 55 kilograma çenli agram derejesinde 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda kumite (başa-baş söweş) bäsleşiginde bürünç medal gazandy.

Bu zehinli karateçiniň daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlarda gazanan ilkinji üstünligi däldir. 2024-nji ýylyň fewral aýynda Alymuhammet Kakalyýew Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy I halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy we şu aýyň başynda Samarkantda (Özbegistan) geçirilen karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatynda (WKF) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy.

Alymuhammet Kakalyýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiň tälimçisi Maksat Atdaýewiň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, 5-nji dan gara guşagyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Türkmen karateçileri 24-25-nji iýunda Poreç (Horwatiýa) şäherinde geçiriljek karate boýunça Ýaşlar ligasy I atly ýene bir halkara ýaryşyna gatnaşmagy göz öňünde tutýarlar.

Afrikada ilkinji gezek geçirilýän IV tomusky Ýetginjekler Olimpiada oýunlary bolar, ol 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda Senegalyň paýtagtynda geçiriler.