Ï Guýularyň öndürijiligini artdyran innowasion tehnologiýa önümçilige girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Guýularyň öndürijiligini artdyran innowasion tehnologiýa önümçilige girizildi

view-icon 1409
Guýularyň öndürijiligini artdyran innowasion tehnologiýa önümçilige girizildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň we Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň gaýybana agzasy, tehniki ylymlaryň doktory Rahmanguly Esedyllaýewiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary gory tükenen gaz guýularynyň öndürijiligini artdyrýan innowasion tehnologiýany önümçilige üstünlikli girizdi.

«Türkmengaz» DK-nyň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligi bilen baglaşylan şertnama esasynda, Gurrukbil gaz kondensat ýatagyndaky az önüm berýän we gory doly tükenen guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe ylmy-agtaryş we synag işleri geçirildi.

Gurrukbil ýatagynyň önümçilik häsiýetleri öwrenileninden we gory tükenen guýularyň gidrodinamik hem geofiziki gözlegleriniň netijeleri derňeleninden soň, ylmy we tehniki çözgütler işlenip düzülip, 45-nji guýynyň gazly gatlagyna toplumlaýyn wodorod termobarohimiki täsir tehnologiýasyny girizmek boýunça senagat synagy işleri geçirildi. Deslapky gaz-gidrodinamik synaglaryň maglumatlaryna görä, öňki möçberi bilen deňeşdirilende, guýudan tebigy gaz alnyşy artdy. Gory doly tükenen 46-njy gaz guýusynda-da oňyn netije alyndy. Ol ýerde gatlaga tapgyrlaýyn köpçülikleýin wodorod termobarohimik täsir ulanyldy.

Gatlaga wodorod termobarohimik täsiriň birleşdirilen tehnologiýasynyň ulanylmagy onuň syzdyryjylygyny we nebit, gaz hem kondensat alnyşyny artdyrmak bilen owaldan bar bolan serişdeleri has netijeli ulanmaga hem önümçilik desgalaryny gurmaga gönükdirilen maýa goýumlaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda alymlar Gurrukbil gaz kondensat ýatagyndaky synag guýularynyň öndürijiligine gözegçiligi dowam etdirýärler we her ölçeg geçirilende, guýynyň öndürijiliginiň artandygyny belleýärler. Innowasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň bu üstünlikli tejribesiniň ölçeg nusgalaryny alyp, şu ýatagyň beýleki guýularynyň öndürijiligini artdyrmak üçin-de ulanylmagy meýilleşdirilýär.